Suw — ýaşaýşyň gözbaşy

Suw — ýaşaýşyň gözbaşy

— Hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesine ýugrulan syýasaty her bir maşgalanyň durmuşyna özgerdiji täsirini ýetirýär. Şonuň netijesinde ildeşlerimiz üçin durmuşy eşretler barha elýeterli bolýar. Jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adam hakynda edilýän aladalaryň anyk işlerde özüniň aýdyň beýanyny tapmagyna biziň zähmetsöýer hünärmenlerimiz hem ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar — diýip, gürrüň berýän söhbetdeşimiz Şanazar Anarow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmengeologiýa» gözleg ekspedisiýasynyň Köýtendag gözleg toparynyň baş geology bolup zähmet çekýär. Ol ilatly ýerleriň agyz suwy bilen üpjün edilişini gowulandyrmak maksady bilen alnyp barylýan gözleg we barlag işleri barada aýratyn durup geçdi.

Agyz suwy meselesi ähli döwürlerde-de özüniň ähmiýetini ýitirmän gelýär. Çünki suw ilatyň abadan ýaşamagynyň, ýurduň ösüşleriniň, özgertmeleriniň ilkinji şertidir. Şol sebäpli ata-babalarymyz gadym zamanlardan başlap suwuň her damjasyny zer dänesine deňemek bilen, ony gazyp almagyň, ondan rejeli peýdalanmagyň netijeli usullaryny döredipdirler. Olar sähradyr dag ýerlerinde ene ýeriň çuňluklaryndan süýji suwuň gorlaryny gözläp tapmak we ýyldyz boýly guýulary, kärizleri gazmak ýaly çylşyrymly işleri ussatlyk bilen başarypdyrlar. Olaryň toplan baý tejribeleri häzirki döwürde bu işleri alyp barýan hünärmenler tarapyndan ýerlikli peýdalanylýar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993