“Türkmenhimiýa” döwlet konserni HALKARA BÄSLEŞIGI yglan edýär: 14.07.2022-25.08.2022

16:31 20.07.2022 4672

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni getirijileri seçip almak boýunça bäsleşik toparynyň adyndan “Balkanabat” ýod zawodynyň önümçiligi üçin önümleri satyn almak barada aşakdaky lotlar boýunça:

HALKARA BÄSLEŞIGI

(14.07.2022 ý. senedäki №184 “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti)

möhletini uzaldýandygyny yglan edýär

Лот №1 – turbalar, metallar we metal önümler;

Лот2umumy zawod, tehnologik enjamlary;

Лот3 elektrotehniki, ölçeg enjamlary we gurluşyk önümleri;

Лот5 himiýa önümleri we kömekçi serişdeler;

Лот №6 – beýlekiler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine, salgysy Tükrmnistan, ş. Aşgabat, Arçabil şaýoly - 132, Senagat toplumy, 4-nji gat, otag №424, Maddy tehniki üpjünçilik müdirliginiň Himiýa önümçilikleriniň üpjünçiligi bölümine tabşyrylmaly:

-       Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirilýändigi barada hat üsti bilen gatnaşyjynyň doly ady, onuň hukuk salgysy, bellige alnan döwleti we bank salgysy görkezilen ýüzlenme.

Şeýle hem:

-       “Türkmenhimiýa” döwlet konserni üçin maddy-enjamlaýyn harytlary getirijileri seçip almak boýunça bäsleşigi geçirmegiň kadalary” bilen tanyşmaly;

-       Lotuň spesifikasiýasyny we tehniki talapnamanysy almaly;

-       200 (iki ýüz) dollar +15% GBS töläp, bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Töleg geçirmek üçin hasap-sypatnamasy hat üsti bilen ýüzlenme kabul edilende berilýär.

Bäsleşik teklipleri ýerli wagt boýunça 0900-dan 1700-a çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri tabşyrmagyň ahyrky möhleti – 25.08.2022ý., ýerli wagt boýunça 1000-a çenli.

Ýokarda görkezilen möhletden soň getirilen teklipler kabul edilmeýär we seredilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 12 39-01-66 / 63

e-mail: info.turkmenhimiya@online.tm

gosmaca

Başga makalalar