Garabogaz — ýurdumyzyň himiýa hazynasy
23:33 08.08.2022 9250
Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly wakasy Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmak babatda hem, täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek babatynda hem örän ähmiýetlidir.
Garabogazköl aýlagynyň üstünden täze awtomobil köprüsiniň gurulmagy, ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmaga, logistika hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümini hem-de Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berer.
Mälim bolşy ýaly, Garabogazköl adybir aýlagy Hazar deňzi bilen birleşdirýär. Türkmenistanyň dünýä belli tebigy gözellikleriniň biriniň, şeýle hem ýer ýüzünde iň uly duzly suw howdanynyň taryhy barada durup geçeliň.
Onuň akwatoriýasynyň meýdany 18 müň inedördül kilometre golaýdyr. Hazar deňziniň has duzly ýeri Garabogazköl aýlagy bolup, onuň şorlulygynyň deňiz suwunyňka garanyňda düýbünden üýtgeşikdigini hemmeler bilýän hem däldir. Düzüminde glauber duzunyň (mirabilit) agdyklyk etmegi aýlagyň tapawutly tarapy bolup, netijede, ol hatda Selsiýa boýunça 10 gradus sowuk temperaturada hem doňmaýar.
Aýlagy deňizden demirgazyk we günorta çägelikler bölýär. Bu ýerde ozal ýeke-täk derýa bolup, ol çölüň içi bilen deňze suw getiripdir. 1715-nji ýylda ilkinji bolup, aýlaga ýelkenli gämilerde girmäge töwekgelçilik eden knýaz Aleksandr Bekowiç-Çerkasskiý bolýar, ol Petr I görkezmesi boýunça deňziň we aýlagyň şu böleginiň ilkinji geografik kartasyny düzýär.
Bu ýerlere nobatdaky sapar 1726-njy ýylda rus gidrografy we kartografy F.I.Soýmanowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýar. Emma deňizçileriň Garabogazda wepat bolmak gorkusy olara aýlaga girmäge mümkinçilik bermeýär. Gämileri sorýan girdap baradaky bolgusyz gürrüňler olara pikirini durmuşa geçirmäge böwet bolýar. Garabogazyň «gara bokurdak» ýaly manysynyň bolmagy tötänden däldir.
Ahyrsoňy, 1836-njy ýylda G.S.Kareliniň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýa gämilerde aýlaga girmek başardýar. «Garabogaz aýlagyny aýratyn deňiz diýip atlandyrsa boljak» diýip, G.S.Karelin ýazýar.
1847-nji ýylda bu ýere ekspedisiýa guralyp, oňa I.M.Žerebsow ýolbaşçylyk edýär. Ol hem G.S.Karelin ýaly aýlagyň görnüşine haýran galýar. Onuň sözlerine görä, aýlagyň «gyryş howply suwy bolup, ol gysga wagtyň içinde hatda polatdan ýasalan zatlary hem iýip bilýär». «Ömri kesýän duz, çägelik ýaly zatlar aýlagyň kenarynda we suwunda agalyk edýär. Aýlagyň ýiti duzly suwy bu ýere gelýän balyklary öldürip, kenara zyňýar. Men sergezdançylyk eden ýyllarymda şeýle tutuk hem-de deňizde ýüzüjilere howp salýan kenarlary görmändim».
Tiz wagtdan Garabogazkölüň häsiýetleri boýunça dürli mineral duzlarynyň hazynasy bolup durýandygy mälim bolýar, aýlagyň bolsa başga ady — «Altyn düýp» diýen ady peýda bolýar. Aýlagyň mineral baýlyklary barada gürrüň dünýä ýaýraýar. Ol gidromineral çig malynyň özboluşly hazynasyna öwrülip, onda Mendeleýewiň tablisasynyň ähli elementleri diýen ýaly saklanýar.
ХХ asyryň başynda köp alymlar aýlagyň serişdelerini öwrenmek bilen meşgullanýarlar.
1924-nji ýylda Garabogazköl aýlagynda natriý sulfaty senagat taýdan işlenip başlanýar. 1929-njy ýylda ilkinji himiýa kärhanasy — «Garabogazhim» tresti döredilip, 1940-njy ýylda ol «Garabogazsulfat» kombinatyna öwrülýär. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda bu ýerde gips öndürilip, hassahanalara ugradylýar.
Şol ýyllarda natriý sulfatyndan başga-da, epsomitiň (magniý sulfaty) hem-de bişofitiň (hlorly magniý), lukmançylyk glauber duzunyň, deňiz duzunyň, nahar duzunyň we senagatyň dürli pudaklarynda ulanylýan beýleki minerallaryň senagat taýdan önümçiligi ýola düşýär.
Aýlagyň serişdeleriniň binýadynda himiýa önümleriniň 10-dan gowrak görnüşleriniň önümçiligi ýola goýulýar. Alymlaryň pikirine görä, Garabogazköl aýlagynyň mineral çig malynyň toplumlaýyn özleşdirilmegi himiýa senagatynyň ösüşini çaltlandyrar hem-de gidrometallurgiýany döretmek üçin binýat döreder. Bu bolsa, önümçilik düzümleriniň we taýýar önümleriň birnäçesiniň importyny azaltmaga, Türkmenistanyň eksport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berer.
1980-nji ýylda, hünärmenleriň gapma-garşy pikirlerine garamazdan, aýlagy bent bilen ýapýarlar, ol ýalpaklap ugraýar hem-de birnäçe ýyldan gury duzly köle öwrülýär, duzly tupanlar öwsüp başlaýar. Aýlag gurap ugraýar. Mundan ýeke çykalga bardy — bendi sökmelidi. Bu iş 1992-nji ýylda ýerine ýetirilýär, deňiz suwy aýlaga guýup ugraýar.
Alymlaryň we tejribeli adamlaryň pikirine görä, aýlagyň baýlyklarynyň häzir hem diňe bir bölegi ulanylýar, onuň serişdeleriniň mümkinçilikleri bolsa egsilmezdir. Garabogazköl aýlagynyň himiki elementleriň, mineral duzlaryň, sulfat natriniň, magniniň, hlorid magnisiniň, litiniň we onuň birleşmeleriniň, magniý oksidiniň, magniý metalynyň uly gorlaryna eýe bolup durýanlygy «Türkmenhimiýa» döwlet konserni hem-de ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty tarapyndan tassyklanyldy.
Gidromineral çig malynyň serişdeleriniň binýadynda özara bagly we geljegi uly bolan senagat önümçilikleriniň ýene-de ençemesini gurmak mümkinçiligi bar. Aýlagyň çig malynyň — natriý sulfatynyň, bişofitiň, epsomitiň, duzly suwdan alnan magniniň we magniý oksidiniň dünýä önümçiliginiň dürli pudaklarynyň 25-den gowragynda, kosmos tehnikasyndan, awia we maşyngurluşygyndan başlap, ösümlikçilige we sabyn gaýnatma önümçiligine çenli dürli pudaklarda giňden ulanylýandygy hasaplanyldy.
Aýlagyň egsilmez baýlyklarynyň senagat önümçiligine toplumlaýyn çekilmegi Türkmenistan üçin strategik ähmiýete, ozaly bilen, himiýa senagatynyň mümkinçiliklerini giňeltmekde hem-de ykdysadyýetiň reňkli metallurgiýa, gidrometallurgiýa, maşyngurluşyk ýaly täze pudaklaryny döretmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Mundan başga-da, täze önümçilikler import harytlarynyň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly, ýokary hilli, goşulan bahaly önümleriň çykarylmagyny ugur ediner.
Ýurdumyzyň himiýa hazynasynyň önümlerini daşamak hem-de eksport etmek üçin ýerüsti ulag ýollaryny döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň ugrunda ikitaraplaýyn gatnawly täze köprini hem-de oňa eltiji ýollary gurmak bu işiň möhüm bölegi bolup durýar. Bu taslamanyň amala aşyrylmagyny 2024-nji ýylyň iýun aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär.
Ýewropada gazyň kub metriniň bahasy taryhda ilkinji gezek 1000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň kub metriniň bahasy taryhda ilkinji gezek 1000 dollardan geçsi. Bu barada çarşenbe güni RIA Nowosti agentligi ICE Futures-iň söwdalaryna salgylanyp habar berdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan telekeçiler «Türkmennebit» DK-nyň awtobenzinini satyn aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» sergisi: innowasiýalar we hyzmatdaşlyk
26-njy oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» diňe bir XXVII Halkara maslahaty däl, eýsem, üç günlük adybir Halkara sergisi hem geçiriler diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.
Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk ýubileýi dabaraly bellenilip geçildi
27-nji sentýabrda türkmen halky ýurdumyzyň iň esasy baýramçylyklarynyň birini — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belläp geçdi.
Türkmenistanyň Prezidenti «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasynyň direktory bilen duşuşdy
Sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Yug-Neftegaz Private Limited» (Singapur) kompaniýasynyň direktory Igor Burkinskiýni kabul etdi.