“Türkmennebit” Döwlet konserni halkara tender yglan edýär: 04.10.2022-07.12.2022

23:16 02.11.2022 2727

Hormatly jenaplar!

“Türkmennebit” Döwlet konserni Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri bäsleşik (tender) esasynda kesgitleýän toparyň adyndan TNGIZT üçin bir gije-gündizde öndürijiligi 15 000 m3 bolan kenarýaka sorujy bekedinde täze obýektleriň we deňiz suwuny süýjediji desganyň taslamasyny düzmek we olary gurmak boýunça halkara tender yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK salgysy boýunça:

-bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bahk hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

-"Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;

-lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly.

-bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir Lot üçin ABŞ-nyň 1725 dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i hasaba almak bilen) töläp, bäsleşik resminamalaryny almaly.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş “Türkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden 45 (kyrk bäş) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 16.00 çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler. 

Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň, seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

40-35-55; 

40-35-53;

 +993243 96-2-33, 6-04-98.

Faks:

40-39-24, 40-39-90. 

Elektron salgysy:

fer@turkmennebit.gov.tm 

Başga makalalar