“Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasy Halkara tenderi yglan edýär: 19.10.2022-29.11.2022

23:27 24.10.2022 2915

 “Türkmengeologiýa” dDwlet korporasiýasy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri bäsleşik (tender) esasynda kesgitleýän toparyň adyndan maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça gaýtadan №02/22 belgili halkara tenderi yglan edýär:

Lot №3 – Elektriki, geofiziki, gözegçilik we ölçeg enjamlary, aragatnaşyk serişdeleri we gurluşyk materiallary.

Tendere gatnaşmak üçin “Türkmengeologiýa” DK edarasyna:

-bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we alyp barýan işleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (offşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

-"Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;

-lotlaryň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

-bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir Lot üçin 500 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler. 

Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, “Türkmengeologiýa” DK-iň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.

Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Ähli zerur maglumatlary http://www.tmgeology.gov.tm/  we/ýa-da  http://www.oilgas.gov.tm/

salgydan ýükläp alyp bilersiňiz.

Ýokarda görkeziklen resminamalaryň ählisini we tender tekliplerini:   Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56 “Türkmengeologiýa” DK salgy boýunça   ugratmaly.               

Tendere gatnaşmak üçin teklipler 29.11.2022 ý. ýerli wagt bilen sagat 12.00 çenli kabul edilýär.

Elektron salgysy: turkmengeology@online.tm

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 12 40-34-52

+993 12 40-34-54

+993 12 40-39-05

Faks:

+993 12 40-34-53

Başga makalalar