Türkmen paýtagtynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» Halkara sergisi açyldy
15:52 27.10.2022 1625

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Döwlet Baştutany Gutlagynda «ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň we serginiň energiýa serişdelerini çykarmak, gaýtadan işlemek, olaryň dünýä bazarlaryna iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak işleriniň has-da ilerlemeginde ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynanýaryn» diýip belledi.

YNSANPERWER ÝÖRELGELER ROWAÇLYGA BESLENÝÄR
Ýangyç-energetika toplumynyň mejlisler zalynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ilkinji mejlisinde goýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan ýygnak geçirildi.

Aşgabatda uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» atly gibrid görnüşinde halkara ylmy maslahat geçirildi. Ol «Türkmengaz» hem-de «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan «Türkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guraldy.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda on aýda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy
Düýn, 5-nji noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de toplumy ösdürmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.

«Arkadag şäheri — bagtyýarlyk mekany»
Şeýle at bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda hoşallyk maslahaty geçirildi.

Dokuz aýyň jemlerine garaldy
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 10-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de toplumy ösdürmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.