Russiýanyň nebitgaz kompaniýalary Azerbaýjanda we Türkmenistanda ösmek üçin mümkinçilik alyp bilerler. Bu barada Abu-Dabide (ADIPEC) Nebitgaz pudagy boýunça Halkara serginiň we maslahatynyň çäklerinde Russiýanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň müdirliginiň agzasy Wagit Alekperow žurnalistlere habar berdi. Bu barada Orient ýazýar.
«Bu günki gün biziň üçin dostlukly ýurtlaryň ählisi, şol sanda Azerbaýjan we Türkmenistan öwrenilýär, çünki bu biziň üçin «penjire» bolar» diýip, Alekperow belledi we gürrüňiň, ilkinji nobatda, deňiz gözleg bloklary barada barýandygyny belledi.
Öň, W.Alekperowyň ýolbaşçylyk edýän «Lukoýl» rus nebitgaz kompaniýasy Hazar deňzindäki «Dostluk» bilelikdäki azerbaýjan-türkmen gaz taslamasynyň operatory bolmak meýli barada beýan etdi. 2021-nji ýylyň ýanwarynda «Dostluk» käniniň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek we işläp taýýarlamak hakynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Resminama käniň uglewodorod serişdeleriniň taraplaryň arasynda Azerbaýjan 30% we Türkmenistana 70% paýlanyp berilmegini göz öňünde tutýar.