Türkmenistan Hytaýa tebigy gazy iň iri iberiji ýurt bolmagynda galýar

Türkmenistan Hytaýa tebigy gazy iň iri iberiji ýurt bolmagynda galýar

Şu ýylyň başyndan bäri Hytaýa gaz iberiji iň iri ýurt Türkmenistandyr diýip, Interfaks agentligi HHR-iň Gümrük boýunça baş administrasiýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Awgust aýynda Türkmenistan HHR-e 2,9 mlrd kub metr gaz iberdi, Russiýa 2,4 mlrd kub metr (şol sanda 1 mlrd kub metri suwuklandyrylan tebigy gaz hökmünde), Awstraliýa bolsa 2,3 mlrd kub metr gaz iberdi.

Umuman, 2022-nji ýylyň awgust aýynda Hytaý 13,196 mlrd kub metr (-4%) gaz satyn aldy, şol sanda 5,528 mlrd kub metri (+10%) turbageçiriji arkaly. Bu ibermeleriň taryhynda iň ýokary görkezijidir, 7668 mlrd kub metri suwuklandyrylan tebigy gaz görnüşinde.

Hytaý gaz pudagynda Türkmenistanyň iri hyzmatdaşy bolup durýar. Türkmenistan-Hytaý Merkezi Aziýa gaz geçirijisi Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça geçýän 3 sany ugurdaş şahamçany öz içine alýar.

2021-nji ýylda Hytaýa 34 mlrd kub metr tebigy gaz iberildi.

Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny (D) Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý ugry boýunça çekmek meýilleşdirilýär. Bu şahanyň gurulmagy bilen we gaz geçirijiniň taslama kuwwatyna çykarylmagy bilen Hytaýa ýyllyk iberilýän türkmen gazynyň ibermeleri 65 mlrd kub metre ýeter.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993