TDHÇMB-niň söwdalarynda ýangyç-energetika toplumynyň harytlary içerki we daşarky bazarlara iberildi

TDHÇMB-niň söwdalarynda ýangyç-energetika toplumynyň harytlary içerki we daşarky bazarlara iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Kataryň telekeçileri daşary ýurt puluna portlandsementi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 334 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 18 million 231 müň manatdan gowrak bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem ulýugy satyn aldylar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993