Prezident Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi Donald Lu bilen duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.
Myhman ABŞ-nyň netijelilik, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde durnukly ösüşi hem-de ählumumy abadançylygy gazanmak maksady bilen, köpugurly hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýändikleri bellenildi.
Türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ähmiýetli orny aýratyn bellenildi. Bu geňeş bilelikdäki forumlary, sergileri, duşuşyklary we beýleki ugurdaş çäreleri geçirmäge işjeň gatnaşýar. Bularyň ählisi ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna, iki ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň, maýa goýum işiniň höweslendirilmegine ýardam berýär.