ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda dünýäde nebitiň sarp edilişiniň çaklamasyny 99,82 mln b/g çenli artdyrdy

ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda dünýäde nebitiň sarp edilişiniň çaklamasyny 99,82 mln b/g çenli artdyrdy

2022-nji ýylda dünýäde nebitiň we suwuk uglewodorodlaryň sarp edilişi günde 99,82 mln barrele deň bolar. Bu 2021-nji ýyldakydan 2,26 mln b/g artykdyr. Bu barada ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň Energetika maglumatlary müdirliginiň aýlyk çaklamasynda aýdylýar diýip, Interfaks habar berýär.

Şeýlelikde, EIA oktýabr aýynda aýdylan çaklamany 270 müň b/g çenli artdyrdy.

2023-nji ýylda EIA-nyň hasaplamalary boýunça nebitiň sarp edilişi 100,98 mln b/g çenli artar. Bir aý mundan öň, EIA bu görkezijiniň 2023-nji ýylda 101,03 mln b/g çenli artdyrylmagyny çaklaýardy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993