Türkiýe tebigy gazyň bahalaryny emele getirmäge gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkiýe tebigy gazyň bahalaryny emele getirmäge gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkiýe öz çäginde gaz merkezi açylandan soň, tebigy gazyň bahalaryny emele getirmäge gatnaşmaga bil baglaýar. Bu barada sişenbe güni ýurduň energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez beýan etdi.

«Türkiýe diňe bir gaz satylýan merkez bolmaz. Biz şeýle hem gazyň paýlanjak ýeri hem bolarys. Bu ýagdaýda biz gazyň bahalarynyň kesgitleniljek merkezi bolarys. Biz şeýle hem baha emele getirýän guralyň gatnaşyjysy bolarys» — diýip, TASS interwýularyň birinde edilen beýanaty getirýär.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993