Balkanabat abatlaýyş-mehanika zawody işleriň netijeliligini artdyrýar

Balkanabat abatlaýyş-mehanika zawody işleriň netijeliligini artdyrýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkanabat abatlaýyş-mehanika zawodynyň işgärleri onlarça nebitgaz känlerinde önümçilik işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrmak maksady bilen, ýokary depginlerde zähmet çekýärler.

Häzirki wagtda kärhana enjamlaryň 150-den gowrak görnüşi bilen enjamlaşdyrylyp, yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar: önümleriň täze görnüşleri özleşdirilýär, taýýarlanylýan ätiýaçlyk şaýlarynyň çydamlylygyny artdyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalar öwrenilýär we ornaşdyrylýar, zawodyň önümçilik-tehnologiýa binýady yzygiderli täzelenýär.

Geçen hasabat döwründe ýerine ýetirilen gurluşyk-abatlaýyş işlerinden alnan serişdeler 5 mln 93 müň manada deň boldy. Bu netije geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilendäkiden 1,7 mln manat artykdyr.

Ýakynda kärhanada buraw desgalarynyň turbalarynyň aýlawy üçin enjamy gaýtadan işe girizmek boýunça iş ýola goýuldy, bu bolsa konsern üçin ykdysady taýdan bähbitlidir.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993