“Türkmennebit” Döwlet konserni gaýtadan Halkara açyk tenderi yglan edýär: 17.11.2022-29.12.2022

15:14 17.11.2022 857

                                             Hormatly jenaplar!

“Türkmennebit” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan aşakda görkezilen lot boýunça gaýtadan №-27/2 belgili Halkara açyk tenderi yglan edýär:

Lot №3 – Elektriki, geofiziki enjamlar, gözegçilik-ölçeg abzallary, aragatnaşyk serişdeleri we gurluşyk materiallary.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK salgysy boýunça:

-bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bahk hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

-"Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden göçürme" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;

-lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

-bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir lot üçin ABŞ-nyň 575 dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i hasaba almak bilen) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler bildiriş “Türkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16.00-a çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler. 

Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

40-35-58, 40-35-63, 40-35-45; 

Faks:

40-39-27

Elektron salgysy:

vesturkmenoil@sanly.tm 

Başga makalalar