“Hazar” konsorsiumy tender yglan edýär: 02.12.2022 - 31.12.2022

00:11 03.12.2022 2276

“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy de-emulgator satyn almak üçin aşakdaky arza esasynda marketing soraşmasyny geçirýär:

Arza №151 25.11.2022 – 20 tonna mukdarda ТУ 2458-001-13004554-2016 standartyna laýyk gelýän de-emulgator.

Tendere gatnaşmak üçin BILDIRIŞ çap edilen gününden 30 senenama gününiň dowamynda (ýerli wagt bilen 18.00 çenli) aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

1. Dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasyny (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) taýýarlamaly we aşakda görkezilen salga ibermeli;

2. Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli.

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgylar boýunça amala aşyrylýar:

1. 745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumynyň edarasy.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 62 59-22-31

+993 61 76-54-88

2. 109147, RF, Moskwa, Marksistaýa köçesi, 14/16-njy jaý, 1-nji bina, «Mitro International Limited» Kompaniýasynyň Moskwadaky wekilligi.

Habarlaşmak üçin telefon:

+7 495 788 55 60

Faks:

+7 495 748 32 31

Elektron salgysy:

mitro13@mitromos.com; sergey.radko@mitromos.com; igor.savochkin@mitromos.com

Başga makalalar