“Hazar” konsorsiumy tender yglan edýär: 26.12.2022 - 24.01.2023

19:43 27.12.2022 3977

 “Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy aşakdaky arza esasynda bannerleri satyn almak üçin marketing soraşmasyny geçirýär:

Arza №159 20.12.2022- bannerler, fotosuratlar, stendler (4 pozisiýa)

Tendere gatnaşmak üçin bildiriş çap edilen gününden 30 senenama gününiň dowamynda (ýerli wagt bilen 18.00 çenli) aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

1. Dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasyny (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) taýýarlamaly we görkezilen salga ibermeli.

2. Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli..

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgylar boýunça amala aşyrylýar:

1. 745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumynyň edarasy.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 62 59 22 31

+993 61 76 54 88

2. 109147, RF, Moskwa, Marksistaýa köçesi, 14/16-njy jaý, 1-nji bina, «Mitro International Limited» Kompaniýasynyň Moskwadaky wekilligi.

Habarlaşmak üçin telefon:

+7 495 788 55 60

Faks:

+7 495 748 32 31

Elektron salgysy:

mitro13@mitromos.com,  sergey.radko@mitromos.com, igor.savochkin@mitromos.com

Başga makalalar