“Türkmengeologiýa” DK gaýtadan halkara tender yglan edýär: 23.01.2023 - 09.03.2023

14:12 23.01.2023 482

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri bäsleşik (tender) esasynda kesgitleýän toparyň adyndan “Türkmengeologiýa” DK zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № 01/23 belgili halkara tender yglan edýär

     Lot №2 – umumy zawod, tehnologik, buraw enjamlary;

Lot №3 – Elektriki, geofiziki, gözegçilik we ölçeg enjamlary, aragatnaşyk serişdeleri we gurluşyk materiallar.

Tendere gatnaşmak üçin “Türkmengeologiýa” DK edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we alyp barýan işleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir Lot üçin 500 amerikan dollary möçberde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, “Türkmengeologiýa” DK-iň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Zerur maglumatlary we lotuň häsiýetnamasyny http://www.tmgeology.gov.tm/  we/ýa-da  http://www.oilgas.gov.tm/  internet saýtlaryndan ýükläp bilersiňiz.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler 23.01.2023ý. başlap, 09.03.2023ý. aralykda ýerli wagt bilen 12.00 çenli Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56 “Türkmengeologiýa” DK salgysy boýunça kabul edilýär.

Elektron salgysy:

turkmengeology@online.tm

Habarlaşmak üçin telefonlar:

40-34-52, 40-34-66, 40-34-79, 40-34-54

Faks:

40-34-53

Başga makalalar