“Türkmengaz” Döwlet konserni halkara tender yglan edýär: 02.02.2023 - 16.03.2023

21:19 28.02.2023 2909

Hormatly jenaplar!

“Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleri” hakyndaky kanunyna laýyklykda önümçiligi bölmek şerti bilen “Türkmengaz” döwlet konserni tender boýunça toparyň adyndan metanol, ammiak, metildietanolamin, dietilen glikol we trietilen glikol önümçilik gaz himiýa zawodynyň taslamasyny düzmek we ony dolulygyna gurmak hem-de etan fraksiýasyny almak maksady bilen Lebap welaýatynyň Bagaja ýatagyndaky suwuklandyrylan gaz öndürýän desganyň durkuny täzelemek boýunça gaýtadan halkara tender yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Aşgabat ş. 1939, Arçabil şaýoly 56, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK  Daşary ykdysady gatnaşyklar bölümi, iş otagy 17.24а salgysy boýunça:

- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bahk hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

  - "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyş bolmaly.

  - “Türkmengaz” DK Daşary ykdysady gatnaşyklar bölüminden degişli tehniki talaplary we arza tabşyrmak üçin gerekli maglumatlary hem-de şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

- Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler bildiriş “Türkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 18:00-a çenli kabul edilýär;

- Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär;

- Bäsleşik teklipli bukjalary görkezilen salga ugratmaly.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

 (+99312) 40-32-40; 40-32-50; 40-32-63.

Faks:

 (+99312) 40-32-59.

Başga makalalar