“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 13.02.2023 - 02.03.2023

14:39 01.03.2023 2209

Şertnamanyň goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy demir ýük konteýnerleriň esasynda ESP meýdanýasy hem-de Barlag-ölçeg abzallary we awtomatika barlaghanasy üçin ýörite gutulary ýasamak we gurnamak boýunça №2023/06 belgili tender yglan edýär. 

Tendere gatnaşmak üçin Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:

1. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

2. Tenderiň tehniki talaplaryny almaly;

3. Bäsleşik teklipleri bildiriş “Türkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap 14 (on dört) iş günüň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri barada goşmaça maglumatlar we tenderiň şertlerini almak üçin 745100, Türkmenistan, Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 222 6-43-66

e-mail salgysy: tatneft.tender@mail.ru

Başga makalalar