“Türkmennebit” DK gaýtadan açyk halkara tenderi yglan edýär: 14.02.2023 - 30.03.2023.

21:25 28.02.2023 2791

Hormatly jenaplar!

“Türkmennebit” döwlet konserni tender toparyň adyndan aşakda görkezilen lot boýunça gaýtadan №62/1 belgili açyk halkara tender yglan edýär.

Lot - TNGIZT-iň çäginde atmosfera bölünip çykýan zyýanly zyňyndylary awtomatiki hasaba alyş we dolandyryş ulgamynyň taslamasyny düzmek we ony döretmek. 

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK salgysy boýunça:

• bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;

• "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;

• lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

• bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 1725 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almak bilen) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

  • Tendere gyzyklanma bildirýän ähli kompaniýalar ganaşyp bilerler.  
  •   Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri we resminamalar bilen туркменнебит.gjv/tm. internet saýtynda tanyşmak bolar. 

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler bildiriş “Türkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16.00-a çenli kabul edilýär.

 Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. 

 Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin belgileri:

40-39-93, 40-35-58, +993243 96-2-33, 6-04-98; 

Faks: 40-39-27, 40-39-90; 

Elektron salgysy:

fer@turkmennebit.gov.tm 

Başga makalalar