Dragon Oil we Yug-Neftegaz kompaniýalary Dubaýdaky halkara forumyna hyzmatdaşlygyny tassykladylar
18:58 28.03.2023 6811
Ýene-de iki sany iri daşary ýurt nebitgaz kompaniýasy 26-27-nji aprelde Dubaýda (BAE) geçiriljek Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyna hyzmatdaş bolmak meýillerini tassykladylar.
Şeýlelik bilen, Dragon Oil Halkara forumyň brilliant hemaýatkäri bolar diýip, çäräniň guramaçylyk komiteti habar berdi.
Ýug-Neftegaz kompaniýasy Halkara forumda kümüş hemaýatkäri bolar.
Ondan öň, nebitgaz toplumynda iri taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň beýleki hyzmatdaşlary forumyň hemaýatkäri bolmak meýillerini tassykladylar. Şeýlelik-de, Mitro International kompaniýasy International Roadshow-yň altyn hemaýatkärligini, PETRONAS kompaniýasy bolsa – bürünç dalaşgärligini tassyklady.
Guramaçylyk komiteti Türkmenistanyň eýýäm ençeme ýyl bäri geçirip gelýän bu möhüm pudaklaýyn forumyna hemişelik goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu forum Türkmenistanyň energetika pudagynyň ähli ugurlaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda Dubaýda geçiriljek Halkara forumyna işjeň taýýarlyk dowam edýär. Forumyň guramaçylarynyň hatarynda — «Türkmengaz» we «Türkmennebit» DK-lary, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen GaffneyCline britan kompaniýasy bar.
Parižde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýanyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi
4-5-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalar bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabulda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny maslahatlaşdylar
TAPI Pipeline Company Ltd-iň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň şahtalar we nebit ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy diýip, TOLO news habar berýär.
«Söwda öýi» kärhanasy Katardaky «EKSPO-2023» üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda geçiriljek «EKSPO — 2023» halkara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Söwda öýi” kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.