Uzynada meýdançasynda kondensaty ýygnaýjy, bölüşdiriji we geçiriji desgany dolulygyna gurmak boýunça bäsleşik yglan edildi

12:28 04.04.2023 11022

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/7255/original-1642bc3159eebe.jpeg

“Türkmennebit” DK Uzynada meýdançasynda kondensaty ýygnaýjy, bölüşdiriji we geçiriji desganyň taslamasyny düzmek, ony dolulygyna gurmak, işe girizmek hem-de onuň gurluşygy üçin gerekli materiallar we enjamlar bilen üpjün etmek boýunça bäsleşik yglan etdi.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalara doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde “Türkmennebit” DK arza tabşyrmak teklip edilýär.

Soňra bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 575 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Bäsleşige gyzyklanma bildirýän ähli taraplar gatnaşyp biler. Şol bir waggtda offşor zolaklarda bank hasaplary bolan ýa-da hasaba alnan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär.

Gerekli maglumatlaryň ählisini www.oilgas.gov.tm we www. turkmennebit.gov.tm elektron salgylaryndan alyp bolar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16.00-a çenli kabul edilýär.

Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýerleşen Uzynada käninde öň «Türkmennebit» DK we «Türkmengeologiýa» DK gözleg buraw işlerini geçirdiler. Burawlanan aşa çuňlukdaky guýular uglewodorodlaryň senagat akymyny berdi.

Başga makalalar
16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.


161c52c5b3a30e.jpeg
Türkmenistan ýanwar-noýabr aýlarynda Hytaýa 6,1 mlrd dollarlyk tebigy gaz eksport etdi

Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji arkaly «mawy ýangyjy» eksport etmek boýunça öňdeligi saklap gelýär. HHR-nyň Baş gümrük müdirliginiň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Hytaýa Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi arkaly 6,1 mlrd dollarlyk 21,91 mln tonna möçberde türkmen tebigy gazy iberildi.


167ad790cd8df5.jpg
Eýranyň Prezidenti bilen duşuşykda energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Eýran Türkmenistan bilen energetika, ulag, suw çeşmeleri we beýleki ugurlarda konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmeklige ygrarly. Bu barada 12-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tährana amala aşyran saparynyň çäginde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen geçiren duşuşygynda aýdyldy. Muny Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.


167adbafc1a169.jpg
“Uzynada” känindäki nobatdaky guýudan uglewodorodlaryň senagat akymy alyndy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary «Uzynada» känindäki 85 belgili täze çuň guýynyň buraw we gurluşyk işleri tamamlanyp, önümçilige girizdiler. Guýynyň çuňlugy 6 müň 830 metr bolup, ondan gije-gündiziň dowamynda nebit kondensatynyň 70 tonnasy hem-de 75 müň kub metr tebigy gazyň akymy alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.