“Hazar” konsorsiumy tender yglan edýär: 04.04.2023 - 04.05.2023
22:11 05.04.2023 4660
“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy korporatiw ulgamy döwrebaplaşdyrmak üçin enjamlary satyn almak boýunça aşakdaky arza esasynda marketing soraşmasyny geçirýär:
Arza №179 30.03.2023- Korporatiw ulgamy döwrebaplaşdyrmak üçin enjamlar (6 pozisiýa).
Marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin bildiriş çap edilen gününden 30 senenama gününiň dowamynda aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:
- Dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasyny (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) taýýarlamaly we görkezilen salga ibermeli;
- Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli.
Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgy boýunça amala aşyrylýar:
745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumynyň edarasy.
Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 61 76-54-88, +993 61 88-22-95.
Elektron salgylary: sergey.radko@mitromos.com, igor.savochkin@mitromos.com