TDHÇMB-niň söwdalarynda nebitgaz toplumynyň 20 mln dollaryndan gowrak bolan önümi ýerlenildi
22:14 17.04.2023 3861
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň, Singapuryň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Pakistanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, tehniki kükürdi we uçar kerosinini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 20 million 86 müň dollaryndan gowrak boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG agza döwletler bilen gatnaşyklaryň ugurlaryny kesgitledi
Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisinde eden çykyşynda işleriň birnäçe anyk ugurlaryna üns bermegi teklip etdi.
OGT 2024 29-njy Halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylary bellige almak başlandy
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly 29-njy Halkara maslahatyna we sergisine (OGT 2024) gatnaşyjylary bellige almak başlandy, forum 2024-nji ýylyň 23-25-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriler. Bu giň gerimli çäräni «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde guraýarlar.
2021-nji ýylda Türkmenistanyň Gruziýa nebit we nebit önümleriniň eksportyndan girdejisi 191 mln dollardan geçdi
2021-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Gruziýa nebit we nebit önümleriniň eksporty 191,8 million dollara barabar boldy, bu 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 186,2% artykdyr. Bu barada Trend agentligi Gruziýanyň Milli statistika müdirligine salgylanyp habar berýär.
Türkiýä, Russiýa we Özbegistana 600 tonna töweregi polipropilen ýüplügi eksport edildi
«Bagtyýar gurluşyk» hojalyk jemgyýeti 600 tonna töweregi polipropilen ýüplügini eksport etdi. Hususan-da, kompaniýa bu önümi Türkiýä, Russiýa we Özbegistana iberdi diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berdi.
Demokratiýanyň milli nusgasy dabaralanýar
Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda ,,Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy’’ atly maslahat geçirildi.