Aşgabatda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň, şol sanda gaz ulgamynda hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
15:43 18.04.2023 9690
Duşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşygynda parlamentara, kanun çykaryjylyk we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 27 — 29-njy noýabrynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Saparyň çäklerinde gepleşikler, Koreýa Respublikasynyň parlamentinde netijeli duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda parlamentara dostluk toparynyň alyp barýan işleri we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Mundan başga-da, öňdebaryjy koreý işewür toparlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirilip, olaryň netijeleri boýunça ylalaşyklaryň giň toplumyna gol çekildi.
— Saparymyzyň netijeleri diňe kanun çykaryjylyk babatda däl, eýsem, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň toplumyny ösdürmäge-de täze itergi berdi diýip hasap edýäris. Siziň bu saparyňyza hem ozal başyny başlan gepleşiklerimiziň dowamy hökmünde garaýarys diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalaryna ýüzlenip, iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli, durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýedigini belledi.
Köp ýyllaryň dowamynda iri koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda netijeli iş alyp barýandyklaryna üns çekildi. Koreýa Respublikasynda öndürilen awtoulag serişdeleri ýurdumyzda ýolagçy awtobuslary we taksiler görnüşinde ulanylýar. Olar türkmenistanlylaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir.
Şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge we ösdürmäge taýýardygyny belledi.
Öz gezeginde, Li Dal Gon ruhy-medeni mirasyň, ahlak gymmatlyklarynyň umumylygynyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny nygtady. Şeýle-de häzirki zamanyň ajaýyp şäheri bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň gurluşygyna gatnaşmak meseleleriniň özüne çekijiligi barada aýdyldy.
Şol gün koreý wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Mejlisiniň we Hökümetiniň agzalary bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Mejlisinde we Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşyklarda «Merkezi Aziýa + Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna taýýarlyk meseleleri, şeýle hem ylym, bilim, lukmançylyk, sport, syýahatçylyk, medeni-ynsanperwerlik ugurlarda özara gatnaşyklar maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Aşyrguly Begliýewiň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygyndaky Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşygynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna öňdebaryjy tejribäni hem-de ýokary tehnologiýalary, häzirki zamanyň ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmak, iri daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda koreý işewür toparlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Parižde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýanyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi
4-5-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalar bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabulda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny maslahatlaşdylar
TAPI Pipeline Company Ltd-iň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň şahtalar we nebit ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy diýip, TOLO news habar berýär.
«Söwda öýi» kärhanasy Katardaky «EKSPO-2023» üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda geçiriljek «EKSPO — 2023» halkara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Söwda öýi” kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.