Serdar Berdimuhamedow OGT — 2023 maýa goýum halkara göçme forumyna gatnaşyjylara ýüzlendi

10:05 26.04.2023 10692

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/7457/original-16448a63120df7.jpeg

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýüzlenmesinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyň öz işine başlamagy bilen gutlady.

Döwlet Baştutany Dubaý şäherinde geçirilýän bu halkara forumyň uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary işjeň çekmäge, iri daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge, önümçiliklere ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynanýandygyny belledi.

Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň depginini ýokarlandyrmakda, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, nebitgaz ýataklaryny bilelikde özleşdirmäge maýa goýumlary çekmekde, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde bu halkara maslahatyň ähmiýeti örän uludyr diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

«Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara maslahata gatnaşýan hünärmenler tarapyndan bu ýerde başga-da möhüm meseleler bilen birlikde, tebigy gazyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, gazy gaýtadan işlemek we gazhimiýa ulgamyna maýa goýumlary çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, nebitgaz senagatynyň täze önümçiliklerini gurmak, bu önümçilikleriň daşky gurşawa täsirini azaltmak meseleleri barada netijeli pikir alşyljakdygyna, teklipleriň öwreniljekdigine ynanýaryn» diýlip Gutlagda bellenilýär.

Dünýäde uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Garaşsyz Türkmenistan özüniň tebigy baýlyklaryny, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň, şunuň bilen birlikde, beýleki halklaryň bähbidine gönükdirmäge we sebitde ykdysady durnuklylygy üpjün etmäge çalyşýar.

Şoňa görä-de, bu ugurda birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Şeýle taslamalaryň biri-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisidir. Häzirki wagtda onuň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Sebitiň iri taslamasy bolan bu gaz geçirijiniň gurluşygynda daşary ýurtly işewürlere hyzmatdaşlyk etmäge uly mümkinçilikler bar. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy sebitiň ähli döwletleriniň ykdysadyýetiniň pugtalanmagyna oňyn täsirini ýetirer. Hazarüsti gaz geçirijisi hem türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugry boýunça eksport etmekde geljegi uly bolan iri taslamalaryň hatarynda durýar.

Türkmenistanda tebigy gazy turbageçirijiler arkaly eksport etmegiň mümkinçilikleri bilen çäklenilmän, ony diwersifikasiýalaşdyrmak babatda gaýtadan işleýän senagata hem uly üns berilýär. Soňky ýyllarda amala aşyrylýan taslamalar, gurulýan önümçilikler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Gyýanly polimer zawody, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýäde-de iň iri önümçilik desgalarynyň hatarynda durýar. Bu babatda Türkmenistanyň geljegi has-da uludyr.

«Ýurdumyzda iri gaz ýatagy bolan «Galkynyş» känini tapgyrlaýyn özleşdirmek işleri giň gerimde alnyp barylýar. Biz bu gaz känini daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna özleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny Önümi paýlaşmak hakynda şertnama esasynda, daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna özleşdirmek hem möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanda maliýe-ykdysady we kanunçylyk taýdan oňyn maýa goýum gurşawy döredilendir. Bu işleri halkara talaplara laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmegi hem dowam etdirýäris» diýip Serdar Berdimuhamedow belledi.

Gutlagyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet we hökümet ýolbaşçylaryna bolsa bu möhüm ähmiýetli çäräni guramaçylykly geçirmek babatda döreden oňyn şertleri hem-de goldawlary, myhmansöýerligi üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi.

Başga makalalar
164f97116c9b62.jpg
Parižde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýanyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi

4-5-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalar bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.


164fb17f25918b.jpg
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.


164f970bf2995e.jpg
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabulda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny maslahatlaşdylar

TAPI Pipeline Company Ltd-iň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň şahtalar we nebit ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy diýip, TOLO news habar berýär.


164fb179206a39.jpg
«Söwda öýi» kärhanasy Katardaky «EKSPO-2023» üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda geçiriljek «EKSPO — 2023» halkara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Söwda öýi” kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.


164f876a934033.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.