Seýdiniň NGIZ-de bäş aýda 146 müň tonnadan gowrak nebit öndürildi
13:51 22.06.2023 10323
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2023-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 194 müň 457 tonna nebit gaýtadan işlenildi, şolardan 146 müň 295 tonna önüm öndürildi.
Gaýtadan işlenilen çig maldan 77 müň 100 tonna benzin, 1 müň 500 tonna mazut, 49 müň 344 tonna dizel ýangyjy, 10 müň 744 tonna agyr wakuum kerosini, 7 müň 577 tonna nebit bitumy öndürildi.
Seýdiniň NGIZ ýurdumyzyň iň iri senagat käärhanalarynyň biridir. Häzirki wagtda zawodda 1800-den gowrak hünärmen zähmet çekýär.
2015-nji ýylda SNGIZ ýyllyk kuwwaty 37 müň 200 tonna barabar bolan ýol bitumynyň önümçiligi boýunça desga guruldy. 2017-nji ýylda ýyllyk kuwwaty 500 müň tonna ýokary oktanly benzine deň bolan katalitik riforming desgasy işe girizildi.
Parižde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýanyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi
4-5-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalar bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabulda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny maslahatlaşdylar
TAPI Pipeline Company Ltd-iň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň şahtalar we nebit ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy diýip, TOLO news habar berýär.
«Söwda öýi» kärhanasy Katardaky «EKSPO-2023» üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda geçiriljek «EKSPO — 2023» halkara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Söwda öýi” kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.