Nebitçileriň ýakyn hemaýatkärleri
«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleriniň gazanýan üstünliklerini tehniki-önümçilik suwlaryndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu möhüm işi talabalaýyk amala aşyrmak bolsa konserniň Balkanabatdaky Suw üpjünçilik müdirliginiň paýyna düşýär.
Nebitçileriň iş alyp barýan hem-de olaryň ýaşaýan ilatly nokatlarynyň arassa agyz suwuna bolan islegleri hem hut şu kärhananyň hünärmenleriniň tagallaly zähmetleri bilen üpjün edilýär. Müdirlikde şu güne çenli nebitçilere sargytlar boýunça ýetirilen suwuň umumy möçberi 1 million 456 müň kubmetre