CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 26.07.2023 – 08.08.2023

19:34 01.08.2023 3077

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasyndaky guýularda geofiziki barlaglaryny geçirmek boýunça №CIT-23063SR belgili tender yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Tendere gatnaşmak üçin arza;
  • Kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, hukuk ýagdaýy, kompaniýanyň işewürligi barada gysgaça maglumat. Kompaniýanyň hasaba alyş resminamalarynyň we ygtyýarnamasynyň göçürmesi;
  • Kompaniýanyň halkara bazarynda ýa-da Türkmenistanyň çäginde nebit-gaz pudagynda geofiziki barlaglary geçirmekde iş tejribesi barada gysgaça maglumat;
  • Kompaniýanyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynda iş tejribesi barada maglumat(eger bar bolsa);
  • Geçiriljek geofiziki barlaglarda ulanmak üçin meýilleşdirilýän häzirki zaman enjamlarynyň (ýerüsti we ýerasty enjamlar we beýleki karotaž gurallary) 2012-nji ýylda ýa-da ondan soň öndürilendigini tassyklaýan hat;
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnandygy  barada şahadatnamanyň göçürmesi;
  • TH, SG we DGG syýasaty we soňky 5 ýyl boýunça registrasiýasy.

       Arzalar bildiriş KHBS-de çap edilen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenilen möhletden giç tabşyrylan teklipler kabul edilmeýär. 

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip, ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daş ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri we resminamalar barada anyk maglumatlar üçin aşakdaky salga ýüz tutup bilersiňiz: 

  Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3. 

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34.

Faks: +993 12 44-50-44.

Başga makalalar