Türkmenistan we Singapur birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýe — DIM
13:49 28.07.2023 9446
Türkmenistan we Singapur dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Bu barada Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Seul ş.) B.Durdiýewiň Singapur Respublikasynyň Prezidenti Halime Ýakoba ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynda geçirilen duşuşykda aýdyldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Singapur Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamlaryny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi hem-de türkmen-singapur gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça gyzyklanma bildirdi diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň habarynda aýdylýar.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan bilen Singapuryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, maliýe, lukmançylyk, gaýtadan işleýän senagat, maglumat tehnologiýalary, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, şähergurluşyk we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleriniň bardygy tassyklanyldy.
Türkmenistan owgan halkyna ynsanperwer goldaw bermäge çagyrdy — DIM
Türkmen tarapy dünýä jemgyýetçiligini, ilkinji nobatda bolsa, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwletlerini owgan halkyna goldaw bermäge çagyrdy. Bu barada Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde geçirilen «Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary» mowzugy boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisinde beýan edildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdylar
16-njy iýulda Azerbaýjana saparynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Hazaryň kenarynda tomusky dynç alyş möwsümi
Şu günlerde Balkanabadyň Hazar şäherçesiniň golaýynda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän “Gara altyn” çagalar sagaldyş merkezinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda zähmet çekýän işgärleriň çagalary tomusky dynç alşyny geçirýärler.
Pekin we Aşgabat arassa energetika we “akylly şäher” ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
16-njy iýulda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň wekiliýeti Pekindäki Tongfang Co., Ltd. öňdebaryjy hytaý kompaniýasynyň baş edarasynda geçirilen duşuşykda sanly tehnologiýalar, akylly energetika we “akylly şäherler” ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilişi baradaky meseleler maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.
Uçar kerosini — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy.