“Hazar” konsorsiumy tender yglan edýär: 28.07.2023 - 27.08.2023

19:31 01.08.2023 2516

“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy aşakdaky arza esasynda tender yglan edýär:

Arza №206 20.07.2023 – Awtoulag serişdelerini bejermek we olara tehniki hyzmat bermek.

Marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin BILDIRIŞ çap edilen gününden 30 senenama gününiň dowamynda aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

1. Dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasyny (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) taýýarlamaly we görkezilen salga ibermeli;

2. Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini görkezmeli.

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgy boýunça amala aşyrylýar:

745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumynyň edarasy.

tel.: +993 61 765 488; + 993 61 882 295.

e-mail: sergey.radko@mitromos.com, igor.savochkin@mitromos.com

Başga makalalar