“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 31.07.2023 - 18.08.2023

19:32 01.08.2023 2411

Şertnamanyň goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy Russiýanyň pul birliginde (rublda) ýa-da manatda “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň radiostansiýalaryny abatlama we olara tehniki hyzmat boýunça №2023/15 belgili tender yglan edýär:

Tendere gatnaşmak üçin Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna:

1. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

2. Tenderiň tehniki talaplaryny almaly.

3. Bäsleşik teklipleri bildiriş «Nebit-Gaz» gazetiniň «www.oilgas.gov.tm» saýtynda çap edilen gününden başlap 15 (on bäş) iş günüň dowamynda ýerli wagt bilen 18:00 çenli kabul edilýär. 

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri barada goşmaça maglumatlar we tenderiň şertlerini almak üçin 745100, Türkmenistan, Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz. 

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 222 6-43-66.

Elektron salgysy:

tatneft.tender@mail.ru 

Başga makalalar