“Türkmennebit” DK gaýtadan halkara tender yglan edýär: 02.08.2023 - 12.09.2023
17:06 10.08.2023 3757
Hormatly jenaplar!
“Türkmennebit” Döwlet konserni Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar we hyzmatlar bilen üpjün edijileri tender esasynda kesgitleýän toparyň adyndan awtomatlaşdyrylan maglumatlar ulgamyny döretmek hem-de bu ulgamy SNGIZ-de ornaşdyrmak boýunça işleriň doly toplumynyň taslamasyny taýýarlamak we ony durmuşa geçirmek üçin tender tekliplerini işläp taýýarlamak boýunça №91 belgili halkara tender yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK salgysy boýunça:
-bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bahk hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
-"Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
-lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
-bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir Lot üçin ABŞ-nyň 1725 dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i hasaba almak bilen) tölemek üçin hasap belgisini almaly;
- bäsleşige gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýa gatnaşyp biler.
Lotuň häsiýetnamasy, degişli tehniki talaplar barada maglumat üçin internet saýtlary: www.oilgas.gov.tm , turkmennebit.gov.tm
Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16:00-a çenli kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler.
Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň, seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň we şertnamanyň esasy häsiýetnamasynyň elektron görnüşleri (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.
Habarlaşmak üçin belgileri:
40-39-93, 40-36-21.
Faks:
40-39-90.
Elektron salgysy: