“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 22.08.2023 - 04.09.2023

14:24 29.08.2023 3537

Şertnamanyň goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy Russiýanyň pul birliginde (rublda) ýa-da manatda uglewodorod esasly buraw erginleri üçin himiki reagentleri satyn almak boýunça №2023/16 belgili tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna:

1. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

2. Tenderiň tehniki talaplaryny almaly.

3. Bäsleşik teklipleri bildiriş «Nebit-Gaz» gazetiniň «www.oilgas.gov.tm» saýtynda çap edilen gününden başlap 10 (on) iş günüň dowamynda ýerli wagt bilen 18:00 çenli kabul edilýär. 

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri barada goşmaça maglumatlar we tenderiň şertlerini almak üçin 745100, Türkmenistan, Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz. 

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy

Telefon belgisi: +993 222 6 43 66.

Elektron salgysy: tatneft.tender@mail.ru

Tehniki soraglar boýunça habarlaşmak üçin: +993 65 8170 29

Elektron salgysy: IgolkinAV@tatneft.ru

Başga makalalar