Birža söwdalarynda içerki we daşaky bazarlara polipropilen ýerlenildi
14:19 13.09.2023 8679
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Gazagystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri ýorgan-düşek toplumlaryny, nah we jins matalary, nah ýüplügi, portlandsementi, agardylan pagta süýümini, şeýle hem dokma önümleriniň galyndylaryndan dikeldilen süýümi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 337 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 4 million 800 müň manada deň bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.
Nebitgaz toplumynyň kärhanalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli sergä işjeň gatnaşdylar
20-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy.
HHR-iň Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti bilen strategiki başlangyçlary ilerletmäge we energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga taýýar
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýändigini we “Bir guşak, bir ýol” atly bilelikdäki başlangyjyň Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy bilen utgaşdyrylmagyny yzygiderli ilerledip, ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga, energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga taýýardygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 42 ýaşaýar. Döwlet Baştutanyny doglan güni mynasybetli daşary ýurtly kärdeşleri, şeýle hem türkmen Hökümetiniň agzalary gutladylar.
Türkmenistan ýanwar-awgust aýlarynda HHR-e turba geçiriji arkaly gazyň eksportyny 5% artdyrdy
2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynyň jemleri boýunça Turbageçirijiler arkaly Hytaýa gaz eksport etmek boýunça Türkmenistan ozalkylary ýaly birinji ýerde barýar. Şu ýylyň ýanwar - awgust aýlarynda Türkmenistan umumy bahasy 6,63 milliard dollar bolan tebigy gazy Hytaýa iberdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 5 göterim köpdür. Munuň şeýledigine Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň berýän maglumatlary görkezýär.
Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji mejlisi 2024-nji ýylda Aşgabatda geçiriler
Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji mejlisi 2024-nji ýylda Aşgabatda geçiriler. Bu barada 19-njy sentýabrda Seulda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň “Geljege gönükdirilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek” ady bilen geçirilen ilkinji Maslahatynyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada aýdylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.