Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
09:34 19.09.2023 4569
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany we iri halkara söwda guramasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegini söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Umumy pikire görä, şu günki duşuşygyň netijeleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda milli ykdysadyýeti ösdürmek we halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýörite Hökümet topary hereket edýär. Onuň üstüne ýurdumyzyň BSG-ä goşulmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek, şeýle hem degişli teklipleri taýýarlamak wezipeleri ýüklenildi. Geçirilen işleriň netijesinde 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana synçy derejesi, 2022-nji ýylyň fewralynda bolsa, Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurduň derejesi («Işjeň synçy») berildi.
«Nebitgazçykaryş»: 11 aýda 503 sany guýy abatlanyldy
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň «Nebitgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri 2021-nji ýylyň başyndan bäri ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Kärhana ýanwar-noýabr aýlarynda 503 sany guýyny abatlap, ulanyşa girizdi.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Suwuklandyrylan gaz, awiakerosin we dizel ýangyjy TDHÇMB-niň walýuta geleşikleriniň esasyny düzdi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 90 million dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.