“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 12.10.2023 - 25.10.2023

09:43 16.10.2023 2390

Şertnamanyň goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy öz işgärlerini gatnatmakda ulag hyzmatlary boýunça №2023/22 belgili tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:

1. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

2. Tenderiň tehniki talaplaryny almaly.

3. Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetiniň www.oilgas.gov

saýtynda resmi çap edilen gününden başlap 14 (on dört) iş günüň dowamynda ýerli wagt bilen 18:00 çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Tendere gatnaşmagyň şertleri barada goşmaça maglumatlar we şertlerini almak üçin 745100, Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 150-nji kwartal, 59-njy jaý salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.  

Telefon belgisi: +993 222 6 43 66,

Elektron salgysy: b.halilulin@mail.ru

Tehniki soraglar boýunça habarlaşmak üçin:

+993 62 74 18 80

e-mail salgysy: KrivilevYD@tatneft.tatar

Başga makalalar