“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 17.10.2023 - 30.10.2023

18:38 24.10.2023 2236

Şertnamanyň goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy aragatnaşyk tor enjamlaryny satyn almak boýunça №2023/23 belgili tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:

1. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

2. Tenderiň tehniki talaplaryny almaly.

3. Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetiniň www.oilgas.gov

saýtynda resmi çap edilen gününden başlap 10 (on) iş günüň dowamynda ýerli wagt bilen 18:00 çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Tendere gatnaşmagyň şertleri barada goşmaça maglumatlar we şertlerini almak üçin 745100, Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 150-nji kwartal, 59-njy jaý salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.  

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy

Telefon belgisi: +993 222 6 43 66

Elektron salgysy: tatneft.tender@mail.ru

Tehniki soraglar boýunça habarlaşmak üçin:

+993 62 60 07 11

Elektron salgysy: IgnatevGR@tatneft.tatar

Başga makalalar