“Hazar” konsorsiumy tender yglan edýär: 18.10.2023 - 17.11.2023

17:19 23.10.2023 2602

“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy boltlary sogurmak üçin gural we wintli gysyjy satyn almak boýunça aşakdaky arza esasynda marketing soraşmasyny geçirýär:

Arza №212 17.10.2023 – boltlary sogurmak üçin gural - (1 sany), wintli gysyjy - (1 sany).

Tendere gatnaşmak üçin bildiriş çap edilen gününden 30 senenama gününiň dowamynda (ýerli wagt bilen 18:00 çenli) aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

Tendere gatnaşmak üçin BILDIRIŞ çap edilen gününden 30 senenama gününiň dowamynda aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

1. Dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasyny (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) taýýarlamaly we görkezilen salga ibermeli;

2. Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli.

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgy boýunça amala aşyrylýar:

745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumynyň edarasy.

tel.: +993 61 765 488; + 993 61 882 295.

e-mail: sergey.radko@mitromos.com, igor.savochkin@mitromos.com

Başga makalalar