“Hazar” konsorsiumy tender yglan edýär: 19.10.2023 - 29.10.2023
17:10 23.10.2023 2359
“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy Gündogar Çeleken meýdançasyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda naharhana hyzmatlaryny we “Hazar” konsorsiumynyň Balkanabat şäherindäki Edara-myhmanhana toplumynda naharhana we serwis hyzmatlaryny bermek üçin aşakda görkezilen lot boýunça tender yglan edýär:
Lot №1 – “Hazar” konsorsiumynyň Gündogar Çeleken meýdançasyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda naharhana hyzmatlaryny we Balkanabat şäherindäki Edara-myhmanhana toplumynda naharhana we serwis hyzmatlaryny bermek.
Tendere gatnaşmak we onuň şertlerini almak üçin bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden 10 (on) senenama gününiň dowamynda (ýerli wagt bilen 18:00 çenli) aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:
- Bäsleşige gatnaşmak üçin ABŞ-nyň 250 (iki ýüz elli) dollary möçberinde tender tölegini tölemeli. "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda GBüS töleginden boşadylýar.
Tender tölegi üçin rekwizitler:
kompaniýanyň şahamçasy MITRO INTERNATIONAL LIMITED TURKMENISTAN walýuta hasaby 232 030 002 201 849 001 69000 TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET DAŞARY YKDYSADY IŞ BANKY
salgyt kody 302 341 000 023
kor hasaby 211 018 401 101 001 0000 3000 МФО 390 101 201
SWIFT: SBFETM 22. Bank çykdajylary – dalaşgariň öz hasabyna.
2. Bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgäriň ýazmaça arzasy (erkin görnüşde);
3. Bäsleşigiň şertlerini we lotuň häsiýetnamasyny almaly. Bäsleşigiň şertlerini almak we bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgäriň tender töleginiň tölenendigini tassyklaýan resminamany, ýazmaça arzasyny (kärhana barada gysgaça maglumatlary we elektron poçtasynyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) tabşyrmaly.
Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Alyşir Nowaýy köçesi, 100, (“Altyn Zaman” binasy) “Hazar” konsorsiumynyň edarasy salgy boýunça amala aşyrylýar.
«Mitro International Limited» kompaniýasynyň wekilhanasy.
Habarlaşmak üçin telefon:
+993 12 44-33-00
Faks:
+993 12 44-33-01
Elektron salgylary:
a.ishankuliyeva_asb.mitro@mail.ru, sergey.radko@mitromos.com, igor.savochkin@mitromos.com