“Hazar” konsorsiumy tender yglan edýär: 10.11.2023 - 10.12.2023
11:44 15.11.2023 2609
“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy çalgy ýaglaryny satyn almak boýunça aşakdaky arza esasynda tender yglan edýär:
Arza №215 06.11.2023 – Çalgy ýaglary (12 pozisiýa).
Tendere gatnaşmak üçin bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 senenama gününiň dowamynda (18:00 çenli) aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:
1.Dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasyny (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) taýýarlamaly we görkezilen salga ibermeli;
2. Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli.
Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak aşakda görkezilen salgy boýunça amala aşyrylýar:
745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumynyň edarasy.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
+993 61 765 488; +993 61 882 295.
Elektron salgylary:
sergey.radko@mitromos.com, igor.savochkin@mitromos.com