“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy buraw erginini (sentrifugalar kaskady) arassalamak boýunça rus rubllarynda № 2026/51 belgili TENDERI yglan edýär.
Tendere gatnaşmak
üçin Size şular teklip edilýär:
1.
Bäsleşige gatnaşmak hakynda ygtyýarly adamyň goly çekilen we
möhür bilen tassyklanan arzany şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna
Bäsdeşiň resmi blankynda e-mail: KhalilulinBS@tatneft.tatar salgysy boýunça elektron poçta ibermeli. Arzada bäsleşige gatnaşyjynyň
doly ady, hukuk derejesi, hasaba alynan ýurdy (ofşor zolaklarda hasaba alynan
ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär) we
rekwizitleri görkezilen bolmaly;
2. Size arzada
görkezilen elektron salgy boýunça tehniki tabşyryk iberiler;
3. Tender boýunça teklip PDF nusgada elektron
faýl görnüşinde, Excel formatda, RAR nusgalarda
arhiwleşdirilen bolmaly. Faýllar azyndan 8 nyşandan ybarat bolan parol bilen
goralan bolmaly.
4. Tender boýunça teklip “Nebit-Gaz” gazetinde
«www.oilgas.gov.tm», saýtynda tender barada bildirişiň çap edilen wagtyndan 7 (ýedi)
günüň dowamynda iberilmeli. Şol möhletiň 7-nji iş güni ýerli wagt boýunça 18.00 sagatdan giç gelen teklipler
kabul edilmez.
Takyk maglumaty almak üçin:
Guramaçylyk meseleleri barada MTO inženerine +993-61-49-57-47 belgili telefon boýunça ýüz tutmaly;
Tehniki meseleler barada KRS, BBS bölüminiň başlygyna +993-65-81-70-29 belgili telefon boýunça ýüz tutmaly;