Gaz senagatynyň ösüşi, gaz bazarlary, gaz eksport akymlary hem-de ýurtda gazdan peýdalanmaklygyň beýleki usullary — bular türkmen nebitgaz toplumynda Energetiki barlaglar boýunça Oksford institutyny (OIES) gyzyklandyrýan esasy ugurlardyr, diýip OIES-iň wekili Julian Bouden beýan etdi. Bu barada Trend habar berýär.Ol şeýle hem Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň we türkmen gazynyň eskportynyň uly gyzyklanma döredýändigini, şeýle hem OIES-iň bolup geçýän wakalardan habarly bolmaga çalyşýandygyny belledi.«OIES geljekde hem Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky soňky wakalary yzarlamagyny dowam eder» - diýip Bouden belledi.Onuň belleýşi ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly goruna eýe bolup, bu pudakda köp zatlary gazandy. Şeýlelikde, görkezijileriň biri — Hytaýa turba geçiriji arkaly gazyň eksporty, nebithimiýa toplumlarynyň ösüşi hem-de Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawod bar.