Türkmenistan geljek ýylda Owganystanyň çäginde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlar – DIM-niň ýolbaşçysy

Türkmenistan geljek ýylda Owganystanyň çäginde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlar – DIM-niň ýolbaşçysy

2021-nji ýylda Türkmenistan Owganystanyň çäginde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlar. Bu barada wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Owganystan boýunça ýokary derejeli Maslahatyň plenar mejlisiniň barşynda nygtady, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty belleýär.

Türkmen tarapy şu ýyl öz çäginde TOPH-nyň gurluşygyny tamamlamagy, geljek ýylda bolsa Owganystanyň çäginde gurluşyga başlamagy meýilleşdirýär – diýip wise-premýer belledi.

Şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň jemleýji tapgyry aýratyn bellendi.

«Demirýol aragatnaşygy barada aýdylanda, türkmen tarapynyň «Akina-Andhoý» demir ýol gurluşygynyň 35 kilometrlik bölegi ýakyn günlerde tamamlanmaly» diýip, R.Meredow belledi. 2021-nji ýylda «Тurgundy-Hyrat» ugry boýunça demir ýoluň gurluşygynyň dowam edilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy mejlise gatnaşyjylary bu taslamalaryň maliýe ýagdaýlary bilen tanyşdyrdy. Türkmenistan Owganystanyň gatnaşmagyndaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegine 1 milliard 250 million amerikan dollaryny goýberdi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Owganystanyň hemmetaraplaýyn ösüş meselesinde sebitleýin hyzmatdaşlyk meselesini, şeýle-de durmuşa geçirilýän iri göwrümli ykdysady taslamalaryň çarçuwasynda Aziýa yklymynyň ösüş mümkinçilikleriniň aýratyn ähmiýetini nygtady.

OYR-nyň ýolbaşçysy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş ýoluna düşmeginde berýän saldamly goşandy babatynda Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993