Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň Daşary işler ministri Şri Hişamuddin Tun Husseýn bilen sişenbe güni onlaýn geçirilen duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika hem-de ynsanperwerlik ulgamlaryndaky köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Muhiddin Ýassiniň arasynda şu ýylyň 27-nji oktýabrynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meselelerine seredip geçdiler.
Bu ugurda diplomatlar bilelikde durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri bolan nebitgaz ulgamyndaky özara hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Malaýziýanyň nebit, gaz we energetika pudaklarynda ýöriteleşýän kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenilip geçildi.
Şonuň ýaly-da taraplaryň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary we ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek ulgamlaryndaky gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi.
Özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de giňeldilmegine itergi berjek bilelikdäki çäreleriň geçirilmek maksady bilen iki ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleriniň özara hereketleriniň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy aýratyn bellenilip geçildi.