«Türkmennebit» DK-nyň «Tatneft» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygynyň möhleti 8 ýyl uzaldyldy

«Türkmennebit» DK-nyň «Tatneft» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygynyň möhleti 8 ýyl uzaldyldy

Guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Tatneft» rus kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygynyň möhleti 8 ýyl uzaldylar.

Penşenbe güni Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow döwlet Baştutanynyň garamagyna “Goturdepe nebitgaz ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek baradaky şertnama goşmaça ylalaşyk baglaşmak hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýörite hyzmatlary ýerine ýetirmegi hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 30-njy iýulynda çykaran 11189-njy Kararyna laýyklykda, Goturdepede nebitgaz ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşan şertnamasyna degişli işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek hem-de şertnamanyň möhletini sekiz ýyl uzaltmak barada goşmaça ylalaşygy bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berildi.

«Türkmennebit» DK Goturdepede nebitgaz ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşan şertnamasynyň çäginde 2010-njy ýyldan bäri netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Netijeli geologo-tehniki çäreler arkaly esasan hereketsiz ýatan gaznadan we fiziki likwidasiýa edilmeli gaznadan 128 sany guýuda nebit berijilik dikeldildi. Bu taslama kompaniýa ABŞ-nyň 32 million dollaryndan gowrak maýa goýdy.

2018-nji ýylyň dekabrynda hyzmatdaşlar 88 guýynyň düýpli abatlaýyş işlerini geçirmekligi göz öňünde tutýan täze ylalaşyga gol çekdiler. Onuň çäklerinde «Tatneft» Balkanabatda türkmen hünärmenleriniň goşmaça toplanylmagyny gurap, 12 sany brigadany emele getirdi. Häzirki wagtda eýýäm 48 sany ýerasty guýusy ulanyşa girizildi. Taslamanyň maýa goýumlary 30 million dollara deň boldy.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri birnäçe gezek «Tatneftiň» Almetýewskidäki we Nižnekamskidäki önümçilik desgalarynda saparda bolup, önümçilik işiniň guralyşy, öňdebaryjy tehnologiýalaryň tejribede ornaşdyrylyşy we nebitgaz ulgamynda häzirki zaman ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar bilen tanyş boldular.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993