Halkara serginiň üçünji güni Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň gazananlaryna bagyşlandy

Halkara serginiň üçünji güni Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň gazananlaryna bagyşlandy

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralan Halkara serginiň üçünji güni ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda gazanylan üstünliklere bagyşlandy. Mowzuklaýyn çäreleriň guramaçylary hökmünde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy hem-de Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy çykyş edýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow bu günüň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ösüşiniň tapgyrlaryny hem-de toplumyň ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy ugruna öwrülýändigi barada beýan etdi.

Bu günki ekspozisiýalar halkara ähmiýetine eýe bolan iri taslamalary görkezýärler, şeýle hem ýurdumyzyň nebiti we gazy gaýtadan işleýän zawodlarynyň önümleriniň görnüşlerini hödürleýärler.

Şeýle hem şu gün «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň gazylyň alynýan peýdaly baýlyklarynyň we tebigy baýlyklarynyň prezentasiýasyny geçirerler. Bu gün birnäçe hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekmeklik bilen tamamlanar.

Seri 12-nji dekabra çenli öz işini dowam eder.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993