Türkmen geologlary täze agyz suw ýataklaryny ýüze çykardylar

Türkmen geologlary täze agyz suw ýataklaryny ýüze çykardylar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň gidrogeologiki ekspedisiýasynyň geologlary Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda agyz suw ýataklaryny tapdylar. Hünärmenleriň pikiriçe, “Çopanýap” we “Çagatýap” täze ýataklary Şarlawuk, Dostluk, Ak altyn, Bäşdaş, Agzybirlik we Gumly ilat nokatlarynyň ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek meselesini çözmäge kömek eder.

Geologiki gözlegleriň netijesinde hünärmenleriň Köpetdag dag eteklerinde we Balkan düzlüklerinde ýerasty süýji suw çeşmeleriniň bardygy baradaky çaklamalary tassyklanyldy.

Balkanabadyň gidrogeologiki ekspedisiýasynyň geologlary Serdar etrabynda “Çukur” süýji suw ýatagyny tapdylar. Täze çeşme Hojagala, Bendesen, Çukur, Ajydere ilat nokatlaryny agyz suwy bilen üpjün edip bilýär.

Magtymguly etrabynda “Arçaly” süýji suwunyň täze ýatagynyň tapylmagy Könekesir, Daýna we Çukur obalarynyň ilatyny agyz suwy bilen üpjün eder.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993