Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň Bişkekde geçirilýän sammitine gatnaşar

19:56 06.11.2024 142

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/12305/original-1672b05296f057.webp

Şu gün, 6-njy noýabrda Gyrgyz Resbublikasynyň Bişkek şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) nobatdaky XI sammiti geçiriler. Sammite gurama agza döwletleriň ýolbaşçylary, şeýle-de gurama synçy döwletler bolan Türkmenistan bilen Wengriýanyň ýolbaşçylary gatnaşar diýip, Türkmenistan habarlar portaly habar berýär.

Duşuşygyň möhüm netijesi 2025-nji ýyla TDG-niň başlyklygynyň Türkmenistandan Gyrgyzystana geçirilmegi bolar. Bu çäre guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň depginli ösüşini we halkara meýdançasynda bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmegiň möhüm ädimi bolup durýar.

Sammitiň gün tertibindäki meseleler «Türki dünýäni güýçlendirmek: Ykdysady integrasiýa, durnukly ösüş, sanly gelejek we hemmeler üçin howpsuzlyk» şygary esasynda ara alnyp maslahatlaşylar. Sammite gatnaşyjylar, TDG agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, sanly tehnologiýalara geçmek we sebitdäki howpsuzlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Türki Döwletleriniň Guramasyna Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan girýär, Türkmenistan hem-de Wengriýa bolsa synçy ýurt hökmünde gatnaşýar. TDG duşuşyklarynda syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk meseleleri, şeýle hem agza ýurtlaryň halkara giňişlikde bähbitlerini gorap saklamak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Başga makalalar
161e7f3511dc1d.jpeg
2022-nji ýylda nebite bolan isleg günde 3,3 mln barrele çenli artar, bazar nebit ýetmezçiligini başdan geçirer — HEA

2021-nji ýylda nebite bolan isleg günde 5,5 mln barrele çenli artdy, 2022-nji ýylda bolsa, bu görkeziji günde 3,3 mln barrele çenli artar diýip, Interfaks we Bloomberg Halkara energetika agentliginiň hasabatyna salgylanyp habar berýär.


1657d7d72a7ac0.jpg
Türkmenistan giň gerimli nebitgaz taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär

Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnama laýyklykda, ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny gazanmagy, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi hem-de onuň halkara ykdysady gatnaşyklary ulgamyna goşulmagyny ugur edinýän giň gerimli nebitgaz taslamalary amala aşyrylýar.


1657c538e17ca7.jpg
Aşgabatda täze AÝGB işe girizildi

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabadyň çäginde awtoulaglara ýangyç guýujy täze beket açyldy. Ol bir gije-gündiziň dowamynda 1500 awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenen.


161e90b30ab8d8.jpeg
Gidrogeologlar Daşoguz welaýatynda ýerasty suwlaryň gözleg işlerini netijeli amala aşyrýarlar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasy «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän 2022-nji ýyla ynamly girýärler. Ençeme ýyllaryň dowamynda ekspedisiýanyň hünärmenleri ýerleriň melioratiw we ekologiýa ýagdaýyny öwrenmekde hem-de agyz suw gorlaryny gözlemekde netijeli işleri amala aşyrýarlar.


161e7be3190b52.jpeg
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi 11-nji fewralda geçiriler

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini 11-nji fewralda geçirmek meýilleşdirildi. Degişli karara Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.