2020-nji ýylyň geçen on bir aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 5,8%-e deň boldy, diýip Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde aýtdy.
Hasabat döwründe, 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4 göterim artdy. Şol döwürde, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, bölek-satuw haryt dolanyşygy 18 göterim artdy.
2020-nji ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 110,4 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 89,6 göterim ýerine ýetirildi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,3 göterim ýokarlandy.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän edaralarynyň işini talabalaýyk guramagynyň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylmagy göz öňünde tutulan meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezip, bu mesele boýunça anyk teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutany hususylaşdyrmagyň, senagatlaşdyrmagyň, sanly ulgama geçmegiň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmagyň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerdigini nygtap, pudaklarda bu ugurda göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişini hemişe üns merkezinde saklamagy talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz ýylyň ahyryna çenli bellenen ähli desgalaryň gurluşygynyň tamamlanmalydygyny aýdyp, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk senesi mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalaryň gurluşyk maksatnamasyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz bu resminama Ministrler Kabinetiniň 2020-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde gutarnykly serediljekdigini belläp, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.